
Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi ýurdumyzyň iň baýry okuw jaýlarynyň biri. Ol 1931-nji ýyldan bäri
hünärmenleri taýýarlap gelýär.
Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi öz işini Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary we guramalary
bilen arkalaşykly hereket edip, söwda, daşary ykdysady aragatnaşyklar we
alyjylar birleşmeleri babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar.
Söwda-kooperatiw mekdebini okap, üstinlikli tamamlan uçurymlar
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
- Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
- Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek.
- Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy, ýörite orta bilimi we
- Statistika
- Salgytlar we salgyt salmak
Döwlet diplomyny alýarlar.
Mekdepde ýaşlaryň
hünärleri başarjaň ele almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap
enjamlar bilen oňat abzallaşdyrylan okuw otaglary, köp tejribe toplan ussat
mugallymlar we ussalar, kompýuterler otaglary, sport jaýy we meýdany,
laboratoriýa, gowy ýaşap, dynç almak üçin ähli durmuş şertleri bilen üpjün
edilen umumy ýaşaýyş jaýy we beýlekiler ýaşlaryň hyzmatynda.
Okuwyň möhleti iki ýyl bolup, birinji ýylyň ahyrynda başlap okuw tejribeçilik işi we önümçilik işleri bilen utgaşyp gidýär.