Site announcements

Bize okamaga geliň!

Bize okamaga geliň!

by Maksat D -
Number of replies: 0


Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi ýurdumyzyň iň baýry okuw jaýlarynyň biri. Ol 1931-nji ýyldan bäri hünärmenleri taýýarlap gelýär.
 Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar  ministrligi öz işini Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalary we guramalary bilen arkalaşykly hereket edip, söwda, daşary ykdysady aragatnaşyklar we alyjylar birleşmeleri babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar.
Söwda-kooperatiw mekdebini okap, üstinlikli tamamlan uçurymlar

-    Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
-    Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
-    Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek.
-    Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy,  ýörite orta bilimi  we
-    Statistika
-    Salgytlar we salgyt salmak

Döwlet diplomyny alýarlar.
Mekdepde ýaşlaryň hünärleri başarjaň ele almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap enjamlar bilen oňat abzallaşdyrylan okuw otaglary, köp tejribe toplan ussat mugallymlar we ussalar, kompýuterler otaglary, sport jaýy we meýdany, laboratoriýa, gowy ýaşap, dynç almak üçin ähli durmuş şertleri bilen üpjün edilen umumy ýaşaýyş jaýy we beýlekiler ýaşlaryň hyzmatynda.

    Okuwyň möhleti iki ýyl bolup, birinji ýylyň ahyrynda başlap okuw tejribeçilik işi we önümçilik işleri bilen utgaşyp gidýär.

 

Hormatly ýaşlar!
 Siz öz geljegiňzi söwda, daşary ykdysady aragatnaşyklar we alyjylar birleşmeleri ulgamyndan gözlejek diýseňiz Söwda-kooperatiw mekdebi Size garaşýar.
Mekdebiň  salgysy : Aşgabat ş. Aba Annaýew (Osrtowskiý) köç. 51 jaýy            
   Telefonlar: 36-85-32; 36-83-28.