Ministrligiň Söwda-kooperatiw mekdebi Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk zamanasynda döwletimiziň söwda we ilata hyzmat edýän alyjylar jemgyýeti pudagy üçin has kämil hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň “Bilim hakynda”, “Söwda hakynda”, “Alyjylar birleşmeleri hakynda”, “Kärhanalar hakynda” kanunlaryna, “Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030 –njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” we beýleki degişli kanunçylyk namalara laýyklykda öz işlerini gurnaýar. Bilim ojagymyzda okadylýan ugurlar boýunça dersleriň okuw maksatnamalary degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen ylalaşyp gurnalýar we alnyp barylýar. Talyplara şol maksatnamalara laýyklykda iki ýylyň dowamynda orta hünär bilim bermek üçin talabalaýyk şertler döredilen. Hemmämize mälim bolşy ýaly berilýän bilimleriň hili sapaklary alyp baryjylara bagly, bu babatda mekdebimiz degişli mugallymlar bilen üpjün edilen we olaryň hünär kämilleşmeleri talap merkezinde saklanylýar.